Halkara Pul Gaznasy (HPG) dünýä söwdasynyň ösüşiniň 2025-nji ýyldaky ýagdaýa garalanda, 2026-2027-nji ýyllarda haýallamagyna garaşýar, bu barada guramanyň çap eden nutugynda bellenýär diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.
HPG-nyň bahalandyrmalaryna görä, dünýä harytlar we hyzmatlar söwdasy şu ýyl 2,8 göterim we geljek 2027-nji ýylda 3,8 göterime deň bolar. 2025-nji ýylda bu görkeziji 5,1 göterim bolupdy.
Şol birwagtda halkara gurama Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň uzaga çekmegi hem-de dünýä söwdasynyň ýaramaz ösüşi bilen baglylykda, Ýewropada we Aziýada nebitiň bahasynyň iki esse, gazyň nyrhynyň 3 esse gymmatlajakdygyny çaklaýar.
HPG bu babatda nutukda nebitiň nyrhynyň 2026-njy ýylda bir barrel üçin 110 dollar we geljek ýyl 125 dollar töweregi bolar diýip belledi. Ýewropada we Aziýada bu döwürde gazyň bahalarynyň 200 göterim töweregi, azyk önümleriniň bahalarynyň 2026-njy ýylda 5 göterim hem-de 2027-nji ýylda 10 göterim gymmatlajakdygyny duýdurdy diýlip, habarda bellenýär.