Germaniýanyň ilaty 2025-nji ýylda takmynan 100 müň adam, ýagny 83,5 milliona çenli azaldy. Bu barada «BILD» neşirine salgylanýan «Kabar.kg» agentligi habar berdi. Agentligiň ýazmagyna görä, bu 2020-nji ýyldaky ýokanç bilen bagly ýagdaýy hasaba almanyňda. 2010-njy ýyldan bäri ilkinji pese gaçyşlykdyr. Ýurduň Ykdysadyýet instituty muny migrasiýanyň ilatyň tebigy azalmagynyň öwezini doldurmaýandygy bilen düşündirýär.
Ýagny 2025-nji ýylda ýurda bary-ýogy 250 müň adam göçüp geldi, aradan çykanlaryň sany bolsa, täze dünýä inenleriň sanyndan 350 müň adam köp boldy. Eger ýagdaý dowam etse, 2045-nji ýylda ýurduň ilaty ýene 2,9 göterim kemelip, 81,1 milliona deň bolar.
Çaklamanyň awtorlary bu ýagdaý zähmet bazaryna, pensiýa ulgamyna we durmuş goraglylygyna agram salar diýip belleýärler. Şonuň üçin ykdysadyýetçiler häkimiýetleri daşary ýurtlardan ýokary derejeli hünärmenleri çagyrmaga hem-de daşary ýurt diplomlaryny gyssagly ykrar etmäge çagyrýarlar.