Turkmenportal logo
Şu gün 15:37
70747074
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK Çempionlar ligasyny 2026/27 möwsüminden başlap 32 kluba çenli giňeltmegi meýilleşdirýär

Aziýa futbol konfederasiýasynyň ýaryşlar boýunça komiteti yklymyň esasy klub ýaryşy bolan AFK Çempionlar ligasy Elit (Naýbaşy) toparçalaýyn tapgyryny 2026/27 möwsüminden başlap 24-den 32 topara çenli giňeltmegi maslahat berdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi.

Täze gurluşda ýaryş öňküsi ýaly iki sebit boýunça — gündogar we günbatar zolaklara bölünip, her birinde 16 klub çykyş eder. Toparçalaýyn tapgyryň netijeleri boýunça her sebitde 1–6-njy orunlary eýelän toparlar göni 1/8 finala çykar. 7–10-njy orunlary eýelän klublar bolsa pleý-off ýaryşynyň goşmaça saýlama tapgyrynda göreşi dowam etdirerler, şol tapgyryň ýeňijileri indiki basgançaga galan ýollanmalary alarlar.

Şeýle-de bolsa, halkara senenamasyna aşa agram salynanlygy sebäpli bu goşmaça saýlama tapgyry 2026/27 möwsüminde girizilmez, ony indiki möwsümlerde ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Bu özgertmeler ýaryşyň geografik gurşawyny giňeltmäge we onuň täjirçilik taýdan özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ähli çözgütleriň AFK-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan tassyklanmalydygy bellenilýär.

Belläp geçilse, pes reýting sebäpli türkmen klublary AFK-nyň Çempionlar ligasy Elit ýaryşyna gatnaşmaýar. Ýurduň wekilleri Aziýa futbolynyň ikinji we üçünji derejeli ýaryşlarynda — AFK Çempionlar ligasy 2-de hem-de AFK Çagyryş ligasynda çykyş edýärler.