Turkmenportal logo
15.04.26
71267126
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindi kinosynyň rowaýaty aýdymçysy Aşa Bhosle 92 ýaşynda aradan çykdy
Surat: myseldon.com

Hindi kinosynyň rowaýaty aýdymçysy Aşa Bhosle 92 ýaşynda aradan çykdy, onuň ýerine ýetirmeginde 12 müň sany aýdym sekiz onýyllykdan hem uzak wagt hindi filmlerinde ýaňlandy.

Bhosleniň ölümi Hindistanda giň duýgudaşlyk döretdi. Ýurduň Premýer-ministri Narendra Modi bu ajy habaryň özüni juda gynandyrandygyny mälim etdi.

Aşa Bhosle 1933-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda köp çagaly maşgalada dünýä indi, onuň doganlarynyň we uýalarynyň dördüsi-de zehinli aýdymçy-sazandalar bolup ýetişdi. Uly uýasy Lata Mangeşkar hem meşhur aýdymçy bolup, oňa «Hindi bilbili» diýip at berdiler.

Aşa Bhosle 2000-nji ýylda ýurduň abraýly Dadasaheb Phalke baýragyna mynasyp boldy. Ol aşhana pudagy bilen hem meşgullanyp, Dubaýda we Beýik Britaniýada «Asha's» restoranlar toruny açdy.

Bu barada «theguardian.com» gullugy habar berdi.