Turkmenportal logo
Düýn 17:43
83218321
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
NesilCoffee «Turkmen Travel 2026» forumynyň hyzmatdaşy boldy

Türkmenistanyň NesilCoffee kompaniýasy 14–17-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän «Turkmen Travel 2026» halkara syýahatçylyk forumynyň we sergisiniň resmi hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder. Kompaniýa çärä gatnaşyjylar we myhmanlar üçin kofe-breýkleriň guralmagy ynanyldy.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde NesilCoffee ýokary hilli kofe içgilerini hödürläp, halkara işewürlik çäresiniň derejesine laýyk gelýän ýokary hyzmat derejesine aýratyn üns berer.

«Turkmen Travel 2026» forumyna gatnaşmak kompaniýanyň resmi we protokol çärelerine hyzmat etmek ugrundaky ornuny berkitmek boýunça strategiýasynyň dowamydyr. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, şeýle meýdançalar syýahatçylyk pudagynyň wekillerinden başlap, diplomatik wekilçiliklere çenli giň diňleýjilere hyzmatyň hil derejesini görkezmäge mümkinçilik berýär.

«Turkmen Travel» halkara syýahatçylyk forumy her ýyl pudagyň hünärmenlerini, daşary ýurt hyzmatdaşlaryny we resmi adamlary bir ýere jemläp, ýurduň syýahatçylyk ulgamyndaky esasy işewürlik meýdançalarynyň birine öwrüldi.