Turkmenportal logo
Düýn 17:00
76607660
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Türkmenistanda bolar
Surat: newscentralasia.net

Türkmen tarapynyň çakylygy boýunça Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan 15-nji aprelden 17-nji aprel aralygynda ýurduň Başlygy Sin Szinpiniň ýörite wekili hökmünde Türkmenistanda bolar. Ol Galkynyş gaz ýatagyny özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga bermek dabarasyna gatnaşar diýip, HHR-iň Daşary işler ministrliginiň resmi wekiline salgylanýan «Sinhua» agentligi habar berdi.

Din Sýuesýan şeýle hem türkmen tarapy bilen geçiriljek Hytaý-türkmen hyzmatdaşlyk geňeşiniň 7-nji mejlisine hytaý tarapyndan başlyk hökmünde gatnaşar diýlip, habarda bellenýär.