Turkmenportal logo
Düýn 16:31
70147014
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanyň Yslam medeniýeti merkezi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
Surat: daryo.uz

Özbegistandaky Yslam medeniýeti merkezi «Yslam medeniýetiniň iri muzeýi» ugry boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi girizildi. Bu barada «Daryo.uz» habar berdi.

Hezreti Ymamyň binalarynyň çäginde ýerleşýän toplum özüniň ajaýyp binagärlik ölçegleri boýunça tapawutlanýar: onuň meýdany 10 gektar, binanyň uzynlygy 161 we ini 118 metr, gümmeziniň beýikligi 65 metr, binalaryň umumy meýdany bolsa 50 müň metre golaýdyr. Bu aýratynlyklar onuň dünýä rekordy hökmünde hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Binanyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi barada güwänamany guramanyň wekili Seýda Subasi gowşurdy. Muzeý şeýle hem türki dünýäniň iň gowy muzeýi diýlip ykrar edildi.