14-nji aprelden 15-nji aprele geçilýän gije hem-de 15-nji aprelden 16-njy aprele geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşyklary geçiriler. Bu oýunlar ýarym finala çykjak dört topary kesgitlär.
15-nji aprele geçilýän gije meýdana birbada iki jübüt çykar. «Liwerpul» öz meýdançasynda PSŽ-ni kabul eder — ilkinji duşuşykda iňlis topary myhmançylykda 0:2 hasabynda ýeňilipdi. Beýleki oýunda «Atletiko Madrid» öz meýdançasynda «Barselona» bilen duşuşar: ilkinji oýunda katalonlylar 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
16-njy aprele geçilýän gije «Bawariýa» «Real Madrid» bilen duşuşar. Nemes topary ilkinji oýundan soň 2:1 hasabynda artykmaçlyga eýedir. Şol bir wagtda «Arsenal» öz meýdançasynda «Sportingi» kabul eder: myhmançylykda iňlis topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
Bukmekerleriň baha berişlerine görä, jübütlerde «Barselona» (54,1%), «Bawariýa» (62,3%) we «Arsenal» (66%) ýeňişe has ýakyn hasaplanýar. «Liwerpul» — PSŽ gapma-garşylygy bolsa iň garaşylmadyk oýun bolup görünýär: bu duşuşykda öý eýeleriniň ýeňiş gazanmak mümkinçiligi 40,9%, garşydaşlarynyňky bolsa 35,9% diýlip bahalandyrylýar.
Dört oýnuň hemmesi Aşgabat wagty bilen gije sagat 00:00-da başlanar. Türkmenistanyň ilaty bu duşuşyklary «Belet» striming platformasynda «Premium» abunasy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.