Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynyň tumary bolan gar barsy Bataý diýlip atlandyryldy. Onuň manysy barada Oýunlaryň sekretarlygynda düşündirdiler diýip, «Kabar.kg» ýazýar.
Bu adyň tötänden dakylmandygy habarda bellenýär, ol çuň mana eýedir. Onuň «Ba» bölegi güýji, erkinligi we içki gujury aňladýan «bars» sözünden, «Taý» bölegi «taýanç» içki özeni, durnuklylygy, sazlaşygy we kökler bilen baglylygy alamatlandyrýan daýanç diýmegi aňladýar.
Şunlukda, Bataý diýmek güýji hem-de daýanjy özüne birleşdirmek bilen, däplere we gözbaşlara sarpa goýmak arkaly öňe ymtylyşy görkezýär.
Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlary Gyrgyz Respublikasynyň başlangyjy bilen 2014-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän halkara medeni-sport wakasydyr.
Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlary 2026-njy ýylyň 31-nji awgustyndan 6-njy sentýabryna çenli Gyrgyzystanda geçer.