Turkmenportal logo
Düýn 09:27
53095309
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwadaky Riga demir ýol menzili satuwa çykaryldy
Surat: tass.ru

Moskwadaky Riga demir ýol menzili satuwa çykaryldy, onuň binasyna we ýerleşýän meýdançasyna dört milliard rubldan gowrak başlangyç nyrh kesildi diýip, «MIR 24» habar berdi.

Menziliň iki sany binasy bar, olaryň esasysy 1901-nji ýylda rus äheňinde gurlandyr, binanyň tutýan meýdany dört müň inedördül metr töweregi. Onuň ýanaşyk ýerinde 1929-njy ýylda gurlan ýaşalmaýan bina, şeýle hem umumy meýdan 13500 inedördül metr bolan ýer bölegi ýerleşýär.

Russiýanyň Hökümeti şu ýylyň fewralynda Riga demir ýol menzilini satuwa çykarmak barada teklip bilen ylalaşdy, indi ol açyk auksiona çykaryldy.