Turkmenportal logo
Şu gün 09:05
42014201
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti «Turkmentravel – 2026» sergisine we maslahatyna gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde geçirilýän «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň dabaraly açylmagy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berdi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda bellenilişi ýaly, bu syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň geçirilmegi bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň binýadynyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Sergä ýurduň we dünýä döwletleriniň syýahatçylyk kärhanalarynyň gatnaşmagy özara tejribe alyşmaga, birek-biregi alnyp barylýan işler, täze taslamalar bilen ýakyndan tanyşdyrmaga uly ýardam berer. Halkara maslahatyň dowamynda geçiriljek iş duşuşyklary, okuw we ylmy-amaly maslahatlar, syýahatçylyk gezelençleri bu çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrar.

«Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli sungatymyzyň naýbaşy nusgalarynyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň birnäçe görnüşleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň we Maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizildi. Ýurdumyzyň «Gadymy Merw», «Nusaý», «Köneürgenç» ýaly döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň ýadygärlikleri, şeýle hem «Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly döwletara taslamanyň çäginde Beýik Ýüpek ýolunyň Amul — Merw şahasy, «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalary, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda orun aldy. Bu ýerler özüniň örän irki asyrlara degişli gadymy ýadygärlikleri we täsin tebigaty bilen dünýä syýahatçylygynda giňden meşhurdyr» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda bellenilýär.