Awstraliýaly alymlar Ýeriň ilatynyň sanynyň we munuň bilen bagly bolan gorlaryň sarp edilişiniň derejesiniň planetanyň mümkinçiliklerinden artandygyny anykladylar. Muňa Awstraliýanyň Flinders uniwersitetiniň Kori Bredşou tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparynyň iki asyrdan gowrak döwürde toplan maglumatlary güwä geçýär. Bu barada «Science Alert» portalyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berýär.
Alymlaryň hasaplamalaryna görä, hazirki wagt Ýerde 8,3 milliard töweregi adam ýaşaýar, şol bir wagtda Zeminiň ekläp biljek ilaty bary-ýogy 2,5 milliarda deňdir.
«Ýer biziň gorlary sarp edişimiziň yzyna eýgerip bilmez. Ol hatda bu günki talaplary-da giň möçberli özgertmeler bolmasa, kanagatlandyrmakdan ejiz gelýär, sebäbi biz planeta diýseň agyr agram salýarys» diýip, ady tutulan portal alymlar toparynyň ýolbaşçysynyň sözlerine getirýär.