Turkmenportal logo
13.04.26
1109611096
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tokioda türkmen senetçiliginiň we medeniýetiniň sergisi açyldy

10-njy aprelde Tokio şäheriniň «The Shoto Museum of Art» sungat muzeýinde  «Merkezi Aziýanyň el işleri» şygary astynda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň, keşdeleriniň we şaý-sepleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenisanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Sergi Ýaponiýanyň Hirosima prefekturasynyň Sungat muzeýiniň gorunda saklanýan ajaýyp türkmen eserlerini tokioly ýaşaýjylara görkezmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Merkezi Aziýadaky medeniýeti açyp görkezmegi, türkmen keşdelerini, ajaýyp el işlerini, kümüş şaý-seplerini we beýleki däp bolan senetleri görkezmegi maksat edinýär. 

Sergide 200 golaý türkmen kümüş şaý-sepleri, milli ketenisi, keşde çekilen çyrpylaryň görnüşleri we el işleri görkezilýär.

Sergi 14-nji iýuna çenli dowam eder.