Antarktikanyň etrabynda deňiz kartalarynda howply zolak diýlip bellenen ýerde näbelli adanyň üsti açyldy. Bu barada «Daily Mail» neşiri habar berdi.

«Polarstern» buz döwüji gämisi Uddelliň deňzindäki Žuenwil adasyndan uzak bolmadyk ýerde gaçybatalga gözleýärkä, tötänden täze adanyň üstünden bardy. Gäminiň topary ilkibada hapa buzdagy bolup görnen ýeri gördüler. Emma golaý barlanda, onuň gaýadygy belli boldy. «Polarstern» ugruny üýtgedip, syrly ada 150 metr golaý bardy. Uçarmansyz enjamyň kömegi arkaly adany howadan öwrenenlerinde, onuň uzynlygy 130 metr, ini 50 metr we suwdan 16 metr töweregi beýik gury ýerdigi anyklandy.
Emeli hemra arkaly alnan suratlarda adanyň buz örtügi sebäpli golaýda ýüzüp ýören buzdaglardan tapawutlandyryp bolmaýandygy habarda bellenýär.