Türkmenistanyň ýygyndysy Ýerewan şäherinde geçirilen sambo boýunça Dünýä kubogynda ýedi medal gazandy.
Iki gün dowam eden ýaryşyň netijeleri boýunça türkmen toparynyň hasabynda bir altyn, dört kümüş we iki bürünç medal bar.
Türkmenistanyň ýygyndysyna ýeke-täk altyn medaly söweş sambosy boýunça 64 kg çenli agram derejesinde ýeňiji bolan Sanjarbek Awazberdiýew getirdi.
Kümüş medallary Gurbanaý Gurbanowa (söweş sambosy, 50 kg çenli), Zyba Orunowa (söweş sambosy, 65 kg çenli), Ahmet Taňryberdiýew (söweş sambosy, 58 kg çenli) we Kerim Kerimow (söweş sambosy, 71 kg çenli) gazandylar.
Bürünç medala Atanyýaz Amangeldiýew (sport sambosy, 88 kg çenli) we Hakberdi Jumaýew (söweş sambosy, 64 kg çenli) mynasyp boldular.
Ýerewandaky Dünýä kubogy 2026-njy ýylda Halkara Sambo federasiýasynyň (FIAS) senenamasyndaky ilkinji resmi ýaryş boldy. Bu bäsleşigiň netijeleri türgenleriň dünýä reýtinginde hasaba alynýar.
Jemi ýaryşa 22 ýurtdan takmynan 570 türgen gatnaşdy.