Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban özüniň ýolbaşçylyk edýän «FIDES – Wenger raýat bileleşigi» partiýasynyň 12-nji aprelde bolan ýurduň parlament saýlawlarynda ýeňlendigini boýun aldy. Budapeştde geçen ýygnanyşykda tarapdarlarynyň öňünde çykyş eden Orban öz garşydaşy – «Tisa» partiýasynyň lideri Peter Madýary ýeňşi bilen gutlady diýip, TASS habar berýär.
Ýagny sesleriň 72,44 göterimi seljerilende, «Tisa» partiýasynyň parlamentde orunlaryň 138-sini, «FIDES»-iň 54-sini alandygy mälim boldy.
Indi Orban öz Hökümetiniň agzalarynyň köpüsi ýaly, parlamentiň deputaty bolup galar.
Wengriýanyň täze Premýer-ministri maýyň başynda boljak parlamentiň täze çagyrylyşynyň birinji ýygnagynda saýlanar, ol Peter Madýar bolar.