Ýakyn geljekde Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi işläp başlar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşynda mälim etdi.
«Ýakyn geljekde Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi işläp başlar» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bu täze düzüme hemmetaraplaýyn goldaw berip, onuň öz wezipelerini hem-de maksatlaryny netijeli ýerine ýetirmegi üçin amatly şertleri üpjün eder.
Milli Lider Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň, ylmy barlaglary işjeňleşdirmegiň we täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýandygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň howa boýunça Pariž ylalaşygynyň maksatlaryny gazanmaga doly ygrarlydygymyzy tassyklap, ýurduň «ýaşyl» energetika ulgamynda, ýel we Gün energiýasyny ulanmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge başlamak ugrunda çykyş edýändigini belledi.