2026-njy ýylyň başyndan bäri Gazagystan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda demir ýol arkaly ýük daşamalarynyň möçberi ep-esli ýokarlandy. Bu barada pudaklaýyn statistika maglumatlaryna salgylanyp, «Kazinform» habar berýär.
Berilýän maglumatlara görä, ýylyň ilkinji aýlarynda Gazagystan bilen sebit ýurtlarynyň arasynda demir ýol gatnawlarynyň umumy möçberi 34 göterim ýokarlandy. Şol ösüşiň çäginde Türkmenistan bilen amala aşyrylýan daşamalar hem 31 göterim artdy.
Hünärmenleriň bellemegine görä, ösüş ilkinji nobatda daşama prosesiniň netijeliliginiň ýokarlanmagy, ýükleriň eltirilme möhletleriniň gysgaldylmagy hem-de demir ýol infrastrukturasynyň ösdürilmegi bilen baglanyşyklydyr.