Turkmenportal logo
Şu gün 12:02
40654065
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Duşanbede Merkezi Aziýa howpsuzlyk forumy geçiriler

30-njy aprelde Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa howpsuzlyk forumy geçiriler. Ony Täjigistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkezi tarapyndan guralýar — diýip, khovar.tj saýty habar berýär.

Çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň strategiki barlaglar boýunça degişli institutlarynyň wekilleri, şeýle hem Täjigistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň işgärleri, howpsuzlyk ugrunda işleýän alymlar we bilermenler gatnaşarlar.

Forumyň maksatnamasyna umumy mejlisler, tegelek stolyň başyndaky maslahatlar we bilermenleriň ara alyp maslahatlaşmalary girýär. Gatnaşyjylar Merkezi Aziýadaky howpsuzlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, bu ugurdaky mümkin bolan howplary we mümkinçilikleri seljererler, şeýle hem sebitiň durnuklylygyna täsir edýän sebitara ýagdaýlary kesgitlärler.

Guramaçylar forumyň maksadynyň sebit ýurtlarynyň arasynda strategik dialogy pugtalandyrmakdan we howpsuzlyk ugrunda olaryň hereketleriniň utgaşdyrylmagyny ýola goýmakdan ybaratdygyny belleýärler.