Yragyň Prezidenti Abdul Latif Raşid döwlet baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmakçy däldigini yglan etdi. Bu barada ýurduň parlamentiniň metbugat gullugyna salgylanýan «Armenpress» ýazýar.
«Parlamentiň başlygy Heýbat al-Halbusi Prezident Abdul Latif Raşidiň döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgärleriň sanawyndan öçürilendigini habar berdi» diýip, Yragyň INA habarlar gullugy ýazýar.
Indi Yragyň iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler 16 adam diýlip, habarda bellenýär.