Gazagystanda öňdäki güýzde emeli aň tehnologiýalary peýdalanylyp döredilen filmleriň ilkinji halkara festiwallarynyň biri bolan «Astana AI Film Festival» geçer diýip, «Kazinform» habarlar gullugy habar berdi.
Kinosenagatyň we EA-tehnologiýalaryň utgaşdyrylmagyndaky taslamalary ösdürmäge bagyşlanjak meýdança bu ugurlardan hünärmenleri bir ýere jemlär.
Festiwalyň esasy wakasy gysga göwrümli filmleriň halkara bäsleşigi bolar. Oňa dürli ýurtlardan awtorlar gatnaşyp bilerler. Festwalda şeýle-de başga birnäçe ugurdaş çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
«Astana AI Film Festival» hünärmenleri alşyp-berişmäge we sanly kontent senagatynda täze ugurlary ösdürmäge ýardam eder diýlip garaşylýar.