Turkmenportal logo
Şu gün 10:32
55245524
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen lukmany GDA bäsleşiginde iki sany hormatly ada mynasyp boldy

Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmanlaryň diplomdan soňky taýýarlygy we hünär derejesini ýokarlandyrmak bölüminiň baş hünärmeni Nowruz Myratdurdyýew GDA-nyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen halkara bäsleşikde birbada iki baýragyň — «GDA-nyň iň gowy mugallymy» we «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy» diýen atlaryň eýesi boldy.

Bäsleşik Astana şäherinde geçirilip, Gazagystanyň «Bilim-örkeniýeti» we «Žaňa Қazaқstan» innowasion merkezleri tarapyndan guraldy. Onuň maksady Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasynda iň zehinli mugallymlary we ýaş ylmy işgärleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr. N. Myratdurdyýew ýokary ylmy-pedagogik derejesi, okatmagyň döwrebap usullaryny ulanmagy, şeýle hem daşary ýurt dillerindäki lukmançylyk nakyllarynyň leksiki aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy işi üçin eminler tarapyndan ýokary bahalandyryldy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça oňa I derejeli diplom, döşe dakylýan nyşan we halkara şahadatnamasy gowşuryldy.