Turkmenportal logo
Şu gün 09:48
41274127
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda 58 million dollara golaý geleşik baglaşyldy
Surat: Surat: gov.kz

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, Owganystanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzinini satyn aldylar.

BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine bugdaý uny, nah ýüplük, pagta soapstogynyň çig we distillirlenmedik ýagly turşulygy ýerlenildi.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 61 million 120 müň manada deň bolan polipropileni, binýatlyk ýagy, gaplaýyş plýonkasyny («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi we nah matany satyn aldylar.