Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýakyn Gündogardaky häzirki çylşyrymly, gapma-garşylykly ýagdaýlary, dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge çagyrdy hem-de munuň hiç wagt üýtgemedik we üýtgemeýän düýpli garaýyşlardygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary bilen bolan söhbetdeşliginiň dowamynda beýan etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki Ýakyn Gündogardaky ýüze çykan ýagdaýlar bilen baglylykda, Türkmenistanyň köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny gadagan etmek ugrunda üzül-kesil çykyş edýändigini açyk aýdyp, ýurduň ýaraglara gözegçilik etmek boýunça esasy halkara hukuk resminamalarynyň köpüsine, şol sanda ýadro ýaragyny ýaratmazlyk hakynda şertnama we ýadro synaglaryny doly gadagan etmek hakynda şertnama gatnaşyjy bolup durýandygyny nygtady.
«Hukuk ýagdaýlary biziň üçin ýöne bir syýasy ýa-da harby-tehniki binýat, ýagny, kategoriýa bolman, eýsem, ilkinji nobatda, ahlak, ynsanperwerlik, häzirki hem geljekki nesilleriň öňünde uly jogapkärçiligine düşünmek meselesi bolup durýar» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurdaky garaýyşlaryny mälim etdi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň düzedip bolmajak ýaramaz netijelere getirjekdigini belläp, onuň ulanylan ýagdaýynda ilata ekologiýa sebitleýin durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlaryna agyr täsir etjekdigini, bu ýagdaýlaryň düýpli we örän ýokary derejede jogapkärçiligi talap edýän meseledigine ünsi çekdi.