Turkmenportal logo
Düýn 22:27
1016410164
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna sapary işjeň we netijeli häsiýete eýe boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow saparyň dowamynda dostlukly ýurtda geçirilen halkara foruma gatnaşdy hem-de bu ýerde bolan duşuşyklarda ýurt üçin bähbitli gepleşikleri geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Liderini saparyň çäklerinde Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi taryhy ähmiýeti bolan wakalaryň üstüni ýetirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa saparynyň çäklerinde energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşmak üçin forumyň geçirilýän ýeri bolan Hofburg köşgüne bardy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory Gerd Müller hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça federal ministri mähirli garşyladylar.

Forumyň Gün tertibine «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegiň mümkinçilikleri, häzirki biosyýasy şertlerde energetika howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Forumda türkmen halkynyň Milli Lideri çykyş edip, ekologiýa howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we beýleki ählumumy meseleler boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Wena forumynda öňe süren başlangyçlary ählumumy ekologiýa meselelerini çözmekde täze ugurlary kesgitläp, Türkmenistanyň energetika giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny kesgitledi. Türkmenistan milli bähbitleri dünýäniň ekologiýa abadançylygy baradaky tagallalar bilen sazlaşykly utgaşdyryp, halkara energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmekde döredijilikli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.