Turkmenportal logo
Şu gün 12:11
72487248
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Günorta Koreýa ähli ýaşaýjylar üçin mugt binýatlaýyn ykjam interneti girizdi

Günorta Koreýa ýurt boýunça ähli ýaşaýjylar üçin mugt ykjam internete elýeterliligi ýola goýdy. Indi tölegli internet bukjasynyň göwrümi gutarandan soň hem aragatnaşyk kesilmez — onuň tizligi 400 Kbit/s çenli peseldiler. Täze düzgün 7 milliondan gowrak müşderini gurşap alar — diýip, ixbt.com saýty habar berýär.

Bu başlangyjy ýurduň iň iri üç operatory — SK Telecom, KT we LG Uplus goldady. Ylym we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ministrligi tarapyndan bellenilişine görä, onlaýn hyzmatlara elýeterlilik raýatlar üçin esasy zerurlyga öwrüldi we bu çözgüdiň kabul edilmeginiň esasy sebäbi hem şu zerurlykdyr.

Özgertme diňe iň az nyrhnamany girizmek bilen çäklenmedi. Operatorlar şeýle hem bahasy 20 000 wona çenli (takmynan 13,5 ABŞ-nyň dollary) bolan elýeterli 5G nyrhnama meýilnamalaryny işe girizmegi, ýaşuly ulanyjylar üçin internet bukjalarynyň we sesli jaň minutlarynyň möçberini giňeltmegi, şeýle-de metroda we şäherara otlularda Wi-Fi ulgamyny gowulandyrmagy wada berdiler.