Turkmenportal logo
Şu gün 09:59
57835783
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň gündogar sebitiniň soňky üç aýdaky ykdysady ösüş görkezijileri yglan edildi

10-njy aprelde Lebap welaýatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Bu barada TDH habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe welaýat boýunça senagat önümçiligi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 0,2 göterim artdy. Çörek we çörek önümleriniň öndürilişinde 0,8 göterim, unuň öndürilişinde 13,9 göterim, gök önümlerde 28,9 göterim, miwelerdir ir-iýmişlerde 8,8 göterim, süýt önümçiliginde 3,1 göterim, ýumurtganyň öndürilişinde 2,4 göterim, gaplanan miweleriň we gök önümleriň öndürilişinde 2,1 göterim ösüş gazanyldy.

Welaýatyň çäginde ulagyň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygy 3,9 göterim artdy, ýolagçy dolanyşygy 0,6 göterim ýokarlandy. Sebitde bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,3 göterim artdy.

Şu ýylyň üç aýynda Lebap welaýatynyň ýerli býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 113,4 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 98,8 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda durmuş maksatly binalardyr desgalaryň 20-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 7-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 4,5 müň inedördül metriniň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy. Şu ýylyň birinji çärýeginde welaýatda ýerleşýän bank şahamçalary tarapyndan girdeji meýilnamasy 124 göterim ýerine ýetirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň, şol sanda Lebap welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.