10-njy aprelde Lebap welaýatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdy, şol sanda gündogar sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berdi.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgeleri, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda taýýarlanylan kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Mejlisiň on ikinji maslahatyna taýýarlyk görülýär.
Maslahatda «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,
«Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda»,
«Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda»,
«Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda»,
«Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,
«Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seretmek we kabul etmek göz öňünde tutulýar.
Mejlisiň 12-nji mejlisi şu gün sagat 10:00-da geçiriler.