Turkmenportal logo
Düýn 23:54
1040410404
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident demirýollaryň durkuny täzelemegi we kämilleşdirmegi tabşyrdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenabat şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi. Kesgitlenen wezipeleriň hatarynda wise-premýer B.Annaýew ýurduň ulag we aragatnaşyk toplumyny kämilleşdirmegiň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Lebap welaýaty boýunça ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103,9 göterime, ýurt boýunça welaýatyň paýy 13,3 göterime, ýolagçy  dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 100,6 göterime, ýurt boýunça welaýatyň paýy 14,4 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, halkara ulag-üstaşyr gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek arkaly ýurduň, şol sanda, Lebap welaýatynyň logistika mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzilleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ýolagçy awtomenziliniň işini talabalaýyk alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany wise-premýere demirýollaryň durkuny täzelemek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.