Turkmenportal logo
Düýn 19:56
96479647
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Ýuriý Gagariniň kosmosa uçuşynyň 65 ýyllygy mynasybetli onuň ýadygärligine gül desseleri goýuldy

Kosmonawtika gününiň öňüsyrasynda Aşgabatdaky Rus öýünde Ýuriý Gagariniň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Çärä gatnaşyjylara Gagariniň durmuşy barada gürrüň berildi, şeýle hem adamzadyň kosmosa ilkinji uçuşynyň amala aşmagyna goşant goşan beýik alymlaryň atlary ýatlanyp geçildi.

«Sizi ýetip gelýän baýram – Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu ýyl biz Gagariniň taryhy uçuşynyň 65 ýyllygyny belleýäris. Bu waka bütin dünýä möçberinde möhüm ähmiýete eýedir. On bäş ýyl mundan ozal BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji apreli Adamyň kosmosa uçuşynyň halkara güni diýip yglan etdi. Bu karar – älem giňişligine ilkinji bolup ýol açanlaryň, Ýeriň töweregindäki giňişligi öwrenmegiň öňdebaryjylarynyň edermenligine we batyrlygyna hormat-sarpanyň nyşanydyr. Kosmonawtlaryň, alymlaryň we konstruktorlaryň yhlasly zähmetiniň netijesinde dünýä ylmynyň ösüşine ägirt uly itergi berildi» — diýip, gül goýmak dabarasynyň öňüsyrasynda eden çykyşynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin belledi.