«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Gami» myhmanhanalar toplumy tomus möwsüminiň öňüsyrasynda giň möçberli işe kabul edişlik yglan etdi. Myhmanhana dolandyryjy düzümden başlap, hyzmat işgärlerine çenli dürli wezipeler üçin ýokary derejeli hünärmenleri işe çagyrýar.

Hususan-da, aşakdaky iş orunlary açykdyr:
Restoran müdiri
Ofisiantlar
Aşpezler (gyzgyn naharlar, sowuk naharlar, hamyrly naharlar)
Konditer
Myhmanhana hojalygy bölüminiň müdiri (Housekeeping Manager)
Otag hyzmatçylary
Tehniki hyzmat bölüminiň müdiri
Kabulhana we ýerleşdirme bölüminiň administratory (Front Office Administrator)
Buhgalter-hasapçy
Buhgalter-ykdysadçy
Sürüjiler (kategoriýalary bilen)
Halas edijiler
Howpsuzlyk işgärleri (garawul)
Wideogözegçilik bölüminiň işgärleri
Ulgam administratory (IT hünärmeni)
Agronom

Dalaşgärleriň degişli ugur boýunça iş tejribesi bolmaly, jogapkärli we tertipli bolmaly, şeýle hem topar bilen işleşmek başarnyklaryna eýe bolmaly. Myhmanhana hyzmatynyň standartlaryny bilmek artykmaçlyk hasaplanýar.
Dalaşgärlere resmi işe ýerleşmek, durnukly aýlyk zähmet haky we toparyň süzüminde işlemek mümkinçiligi teklip edilýär.
Terjimehalyňyzy hrgami25@gmail.com elektron poçta salgysyna iberip bilersiňiz, goşmaça maglumat üçin +993 243 5 77 74 ýa-da +993 71 86 80 82 telefon belgilerine jaň ediň.
Ýokary derejeli «Gami» myhmanhanalar toplumy we sagaldyş-dikeldiş merkezi «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümine girýär we Hazar deňziniň kenaryndaky syýahatçylyk infrastrukturasynyň esasy desgalarynyň biridir.