Turkmenportal logo
Şu gün 15:19
80188018
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
10–12-nji aprel aralygynda Ýerde geomagnit tolgunyşyklaryna garaşylýar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hem-de Gün–Ýer fizikasy institutynyň hünärmenleri ýakyn üç günüň dowamynda — anna gününden ýekşenbe çenli — Ýerde geomagnit tolgunyşyklarynyň bolup biljekdigini duýdurýarlar. Bu hadysalaryň ýüze çykmak ähtimallygy 90% derejesinde bahalandyrylýar.

Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, 10-njy aprelde Ýeriň magnitosferasy asuda ýagdaýdan tolgunyşykly ýagdaýa geçer. Munuň sebäbi Gündäki koronal deşigiň täsiri bolar. Anna güni gijeden şenbe gününe geçilýän wagtda planeta gowşak koronal zyňyndynyň golaýlamagy sebäpli magnit tupanynyň güýçlenmegi mümkindir.

11-nji aprelde Kp-indeksi 5 bolan G2 derejesindäki ortaça magnit tupanyna garaşylýar. Şeýle hem 17-nji, 29-njy we 30-njy aprelde magnit tupanlary çaklanylýar, magnitosferanyň tolgunyşyklary bolsa 11-nji, 16-njy, 18–21-nji aprel aralygynda, şeýle hem 25-nji aprelde we 1-nji maýda bolup biler.

Magnit tupanlary Gündäki güýçli işjeňligiň netijesinde ýüze çykýan Ýeriň magnit meýdanynyň güýçli yrgyldylarydyr. Iň ýokary döwürlerde energetika ulgamlarynyň işinde ownuk bökdençlikler, radio aragatnaşygynda we hemra nawigasiýasynda päsgelçilikler bolup biler, şeýle hem ýokary giňişliklerde demirgazyk şöhlesiniň peýda bolmagy mümkindir.

Hünärmenler uzak möhletli çaklamalaryň üýtgäp biljekdigini ýatladýarlar — iň takyk maglumatlary hadysadan üç gün öňünden alyp bolýar, sebäbi Günüň işjeňligini käwagt öňünden aýdyp bolmaýar.

Geomagnit meýdanyň ýagdaýy baradaky täzelenen maglumatlar Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň resmi sahypasynda çap edilýär.