Tailandyň goşuny ilkinji gezek meýletin harby gulluga çagyryş meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi: onlaýn görnüşde harby gulluga 30 müňden gowrak adam ýüz tutdy, bu bolsa Goranmak ministrligi tarapyndan kesgitlenen görkezijiniň 105 göterimine deň boldy. Bu barada ýurduň gury ýer goşunlarynyň resmi beýanatynda habar berilýär. Öňki ýyllarda gulluga isleg bildirýänleriň sany iki esse azdy — diýip, kp.ru saýty ýazýar.
Harbylar gulluga bolan gyzyklanmanyň artmagyny täze mahabat strategiýasy bilen baglanyşdyrýarlar. Ilkinji gezek goşun sosial ulgamlara çykyp, degişmä esaslanýan we ýaşlara olaryň dilinde ýüzlenýän mahabat kampaniýasyna badalga berdi.
Şygarlaryň arasynda harby düşelgede «aýalyňdan dynç almak» teklibi, söýgüsinden aýrylyşan ýaşlara şeýle derejede güýçli taýýarlygy wada berýär, ýagny olar şahsy meselelerini unutjak derejä ýetýärler. Harby-deňiz güýçleri «iň bolmanda ýüzmegi öwrenmek mümkinçiligi» hökmünde mahabatlandyrylýar, howa güýçleri bolsa gulluk ýerleriniň geografik taýdan amatlylygy bilen tapawutlandyrylýar. Degişmeli mazmun bilen bir hatarda kampaniýa has duýguly çagyryşlary hem öz içine alýar: hususan-da, mahabatlarda täze gulluga baran esgeriň ilkinji güni onuň ejesiniň hasabyna oglynyň ilkinji aýlyk hakynyň geçirilýändigi aýratyn nygtalýar.