Turkmenportal logo
09.04.26
1452914529
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ýokary synp okuwçylary üçin olimpiadalaryň birinji tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurduň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders olimpiadalarynyň birinji tapgyry boldy.

Türkmenistanyň taryhy, matematika, türkmen dili we iňlis dili boýunça geçirilen bu giň gerimli intellektual bäsleşik Halkara bilim gününe bagyşlanýar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Olimpiadalar ýurduň ähli künjeginden 800-e golaý mekdep okuwçysyny bir ýere jemledi.

Birinji tapgyryň netijeleri ýakyn wagtda institutyň resmi saýtynda yglan ediler.

Iň gowy netije görkezen okuwçylar 27-nji aprelde geçiriljek ikinji, jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 8-nji maýda institutyň geljekki talyplar üçin guraýan «Açyk gapylar» gününiň çäklerinde geçiriler diýlip, habarda bellenilýär.