Turkmenportal logo
09.04.26
77557755
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak babatda Türkmenistan bilen gol çekilen ylalaşyk tassyklanyldy

Özbegistanda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak ugrunda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gönükdirilen halkara şertnama tassyklanyldy. Bu barada podrobno.uz özbek saýty habar berdi. 

Degişli karara Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekildi. Resminama iki ýurduň arasynda hereket edýän hökümetara ylalaşyga goşmaçalar girizmek baradaky Teswirnamany makullaýar. Bu Teswirnama 2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda gol çekilipdi.

Karara laýyklykda, Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi bu ylalaşygy amala aşyrmak üçin jogapkär edara hökmünde kesgitlenildi.

Öz nobatynda, Özbegistanyň Daşary işler ministrligine resminamanyň güýje girmegi üçin zerur bolan ähli içerki döwlet proseduralarynyň ýerine ýetirilendigi barada türkmen tarapyna habar bermek, şeýle hem bellenen jogapkär edarany mälim etmek tabşyryldy.

Teswirnamanyň tassyklanylmagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de adatdan daşary ýagdaýlarda bilelikdäki hereketleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam bermegine garaşylýar.