Turkmenportal logo
Düýn 22:22
42474247
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady. Bu ýerden türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat bilen Wenanyň arasyndaky syýasy diplomatik gatnaşyklar dürli derejedäki yzygiderli duşuşyklar bilen häsiýetlenýär. Awstriýa Respublikasy Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlygy, energetika durnuklylygy we ulag geçelgelerini ösdürmegi üpjün etmek boýunça öňe sürýän netijeli halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldap, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde eýeleýän ornuny aýratyn ykrar edýär.

Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideri Wena şäherine bardy. Ol ýerde Gahryman Arkadagy Awstriýa Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň resmi wekilleri mähirli garşyladylar. Türkmen halkynyň Milli Liderini Awstriýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.