Turkmenportal logo
Düýn 22:13
25022502
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenilen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti bu şatlykly waka mynasybetli oňa gatnaşyjylary gutlap, ýurtda adam hakdaky aladanyň döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň binagärlik we gurluşyk ministrligi tarapyndan guruljak täze şäherçe 800 gektardan gowrak meýdany öz içine alar. Şäherçede jemi 22 müň 500-den gowrak ilata niýetlenen, 1 gatly 5 otagly hem-de 1 gatly üç otagly ýaşaýyş jaýlarynyň jemi 4 müň 500-si bina ediler. Bu jaýlarda adamlaryň ýaşamagy üçin ähli amatly şertler dörediler. Şeýle hem bu ýerde Geňeşligiň edara binasy, 720 orunlyk 6 sany orta mekdep, 320 orunlyk 8 sany çagalar bagy, saglyk merkezleri, 500 orunlyk medeniýet öýi, polisiýa we telefon-poçta bölümleri, 2 gatly söwda merkezi, 2 sany ýangyn howpsuzlyk bölümi, 1000 orunlyk metjit we 500 orunlyk toý mekany gurlup ulanmaga berler. Mundan başga-da, bu ýerde awtoulaglara hyzmat ediş nokady, goşmaça söwda merkezleri, 15 müň kub metr suw arassalaýjy desga, 10 müň kub metr lagym arassalaýjy desga we iki sany kuwwatly elektrik beketleri işe giriziler. Täze şäherde döwrebap durmuş üpjünçilik ulgamlary hem hereket eder.

Gurluşyk işleri, ozal habar berşimiz ýaly, 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn esasda alnyp barlar.