Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda «Halklaryň dostlugy» atly konsert boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. Konsertde ýokary okuw mekdebiniň estrada orkestri hem-de «Estrada sungaty» kafedrasynyň talyplary çykyş etdiler.
Olaryň ýerine ýetirmeginde Türkiýäniň, Hindistanyň, Braziliýanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Özbegistanyň halklarynyň aýdymlary ýaňlandy.
Konsertiň maksatnamasy türkmen kompozitory Çary Nuryýewiň «Çap, atym!» atly aýdymy bilen başlandy, ýerine ýetiriji – Sahy Allaýarow. «Sary gelin» diýen azerbaýjan halk aýdymy bolsa aýdymçylar Kerwen Annaýew bilen Isgender Nurmuhammedow tarapyndan duet bolup ýerine ýetirildi.
Konsertiň dowamynda «Mimino» we «Disko tansçysy» kinofilmlerinden aýdymlar, braziliýaly aýdymçy Mişel Telonyň repertuaryndan «Nossa», türk aýdymçysy Ibragim Tatlysesiň repertuaryndan «Hadi-hadi» hem-de beýleki aýdymlar ýerine ýetirildi.
Konsert meşhur türkmen aýdymçysy Atabaý Çarygulyýewiň repertuaryndan «Arabyň gyzy» aýdymy bilen jemlendi. Ony Sahy Allaýarow ýerine ýetirdi.
Zalda ýygnanan tomaşaçylar ýerine ýetirijileri, orkestriň sazandalaryny we, ilkinji nobatda, dirižýor, «Estrada sungaty» kafedrasynyň müdiri Maýsa Mämmetjumaýewany şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.