Türkmen dizaýneri Leýli Haýydowa 23-nji aprelde Astanada geçiriljek Green Runway Fashion Show atly ilkinji halkara ekologiki moda görkezilişine gatnaşyjylaryň biri bolar. Bu çäre ekologiki tehnologiýalaryň RES 2026 EXPO atly halkara sergisiniň çäklerinde guralýar.
Görkeziliş Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň öňdebaryjy dizaýnerlerini bir ýere jemlär. Türkmenistana wekilçilik edýän dizaýner bilen bir hatarda çärä Tatýana Worotnikowa (Gyrgyzystan), Gülnara Halilowa (Azerbaýjan), Ýelena Ladik (Özbegistan), Hurşed Satorow we Nafisa Imranowa (Täjigistan), şeýle hem Aýdarhan Kaliýew (Gazagystan) gatnaşar.
Her bir dizaýner üç ýörite ugur boýunça 10–12 sany lybasdan ybarat bolan toplumyny hödürlär: Eco-Heritage (tebigy matalar we boýaglar ulanylyp, däp bolan lybaslaryň täzeden düşündirilmegi), Upcycling & Recycling (gaýtadan işlenen materiallardan taýýarlanan egin-eşikler), Bio-Design (tebigy nagyşlar hem-de seýrek ösümlik görnüşlerinden ylham alnan keşpler, şol sanda Gyzyl kitaba girizilen görnüşler).
Görkezilişiň aýratynlygy hökmünde sahna bezegi janly ösümlikler we tebigy düzüm bölekleri bilen üpjün edilip, «janly giňişlik» täsirini döreder. Guramaçylar bu çäräni dizaýnerler, ekologlar, maýadarlar bilen döwlet edaralarynyň wekilleriniň arasynda dialog gurmak üçin meýdança hökmünde görýärler.
RES 2026 EXPO sergisi 22–24-nji aprel aralygynda Astanada geçiriler. Çärä 30 ýurtdan 300 töweregi kompaniýanyň hem-de 20 000-den gowrak myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan öňe sürlen Sebitleýin ekologiki sammitiň çäklerinde geçirilýär.