Turkmenportal logo
Düýn 15:46
1040710407
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen halkara gün tertibindäki başlangyçlary maslahatlaşýar
Surat: Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi, şol sanda häzirki gün tertibinde duran birnäçe bilelikdäki başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirip, netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.