Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň komissary Ça Ýon Ho bilen gepleşikler geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini maslahatlaşdylar. Türkmenistan tarapy raýatlaryň özara saparlary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi.
Migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselesine aýratyn seredildi.
Gepleşikleriň netijesi boýunça taraplar iki döwletiň bähbitlerine laýyk gelýän dialogy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.