Turkmenportal logo
Şu gün 11:31
1294212942
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tank 700 täzelenen görnüşde çykdy: aýratynlyklary belli boldy

Islendik ýoldan ýöremäge ukyply bolan uly möçberli Tank 700 awtoulagy Hytaý bazarynda täzelenen görnüşde resmi taýdan satuwa çykaryldy. Awtoulagyň gurluşynda, salonynyň bezeginde we enjamlaşdyrylyşynda üýtgeşmeler girizildi, iň esasy täzelik bolsa hereketlendirijisine degişlidir — diýip, zr.ru saýty habar berýär.

Indi alyjylara gibrid görnüşleriň iki sanysy hödürlenýär. Birinjisi — 3 litrlik biturbirlenen V6 hereketlendirijisi we elektrik hereketlendirijisi bolan kämilleşdirilen Hi4-T görnüşidir. Onuň umumy kuwwaty 537 at güýjüne ýetirildi (öň 517 at güýjine eýedi). Bu görnüş has köp ýolsuz şertler üçin niýetlenendir we bahasy 518 müň ýuandan başlanýar.

Ikinji görnüş — täze Hi4-Z bolup, 2 litrlik benzin hereketlendirijisi we iki sany elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir. Güýç enjamlarynyň umumy kuwwaty 864 at güýjüne ýetýär. Bu görnüş şäherde sürmek üçin niýetlenip, has elýeterli bahadan — 438 müňden 478 müň ýuana çenli hödürlenýär.