Turkmenportal logo
Şu gün 10:52
72177217
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mişustin 22-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar

Russiýanyň Hökümet başlygy Mihail Mişustin 22-nji maýda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygyna bagyşlap, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen makalasynda mälim etdi.

Diplomat öz makalasynda: «Biz Russiýa Federasiýasynyň Hökümet başlygy Mihail Mişustiniň 22-nji maýda we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 9-njy oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ugry boýunça geçiriljek mejlislere gatnaşmak üçin Türkmenistana gurajak saparlaryna uly gyzyklanma bilen garaşýarys» diýip belledi.

Mundan ozal, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegiň meselelerini utgaşdyrmak baradaky resminama gol çekişlik dabarasy boldy. Resminama Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew we GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilow tarapyndan gol çekildi. Resminama mejlisiň guramaçylyk we mazmun taýdan taýýarlyk işlerini utgaşdyrmaga gönükdirilendir.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti 9-njy oktýabrda Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde geçiriler. Mundan ozal Wolynkin bu sammite Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşjakdygy barada habar beripdi.

Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşinde, Hökümet Baştutanlarynyň geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň geňeşinde, Ykdysady geňeşinde we Arkalaşygyň beýleki birnäçe edaralarynda başlyklyk edýär. 2026-njy ýylda Täjigistan we Özbegistan egindeş başlyklar bolup durýarlar.