Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýokary okuw mekdebiniň esaslandyrylmagynyň 18 ýyllygy mynasybetli tanyşdyrylyş bäsleşigi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Bäsleşik halkara hukugy fakultetiniň talyplarynyň arasynda geçirilip, ony institutyň «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň agzalary guradylar.
Bäsleşigiň dowamynda geljekki hukukşynaslar halkara hyzmatdaşlygy, hususan-da, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we abraýly halkara guramalary bilen strategik gatnaşyklarynyň ösdürilmegi baradaky temalary giňişleýin beýan etdiler. Şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň toplan ylmy-bilim mümkinçilikleri, okatmagyň innowasion tehnologiýalarynyň we usullarynyň işjeň ornaşdyrylyşy hem-de akademiki görkezijileriň okgunly ösüşi barada gürrüň berildi.
Talyplaryň we okuw mekdebiniň uçurymlarynyň gazanan sepgitlerine hem aýratyn üns çekildi.
Bu bäsleşige gatnaşmak talyplara diňe bir köpçülik öňünde çykyş etmek we ýokary hilli wideoşekilleri taýýarlamak ukyplaryny görkezmäge däl, eýsem ýokary okuw mekdebiniň işiniň möhüm maksatlaryna hem-de Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ähmiýetine has gowy düşünmäge mümkinçilik berdi.