Russiýanyň derman senagaty önümleriniň daşary ýurtlara eksporty okgunly ösýär. Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, Türkmenistan rus dermanlaryny iň köp satyn alýan esasy ýurtlaryň hataryna girýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň senagat we söwda ministriniň Anton Alihanow sözlerine salgylanyp, «TASS» ýazýar.
Häzirki wagtda Russiýanyň derman serişdeleriniň eksportyny ösdürmek ýurduň degişli ministrligi üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Russiýanyň farmasewtika önümleri her ýyl dünýäniň 150-den gowrak ýurduna iberilýär. Bu babatda rus derman öndürijileri türkmen bazaryna hem aýratyn gyzyklanma bildirýärler.
«Rus dermanlarynyň esasy alyjylarynyň hatarynda — Gazagystan, Belarus, Özbegistan, Türkiýe, Türkmenistan, Alžir, Litwa, Gyrgyzystan, Ermenistan we Täjigistan bar. Daşary ýurtlarda iň köp isleg bildirilýän önümler bolsa waksinalar, antibiotikler, nootrop we immun durnuklaşdyryjy serişdeler, monoklonal antikitleriň esasyndaky derman serişdeleri hem-de insulinlerdir» diýip, Anton Alihanow belledi.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl Russiýanyň derman eksporty 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 30 göterimden gowrak artyp, takmynan, 1,3 milliard amerikan dollaryna deň boldy.