Turkmenportal logo
Şu gün 15:24
39943994
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarusuň ilçisi: Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň wekiliýetiniň Minske saparyna taýýarlyk görülýär

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wekiliýetiniň Belarus Respublikasyna saparyny guramak meýilleşdirilýär. Bu barada Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý gaznanyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatynda habar berdi.

Saparyň dowamynda wekiliýet Belarusuň çagalar gaznasyna we Çagalary dikeldiş respublikan merkezine baryp görer, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça gepleşikleri geçirer.

Diplomatyň sözlerine görä, soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar ep-esli işjeňleşdi. 2025-nji ýylda Belarusuň çagalar gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Lýudmila Kondraşowa Türkmenistanda geçirilen iki sany halkara maslahata gatnaşdy. Belarus tarapy Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine çagalar üçin ýöriteleşdirilen ösdüriji toplumy we çagalar ortopedik aýakgabynyň nusgasyny sowgat berdi.

Şol ýylyň iýul aýynda ilçi S.Çepurnoýyň gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda çagalary bejermek, olayň saglygyny dikeltmek we jemgyýete uýgunlaşdyrmak ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.