Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky ilata amatly şertlerde sarp edijilik karzlaryny hödürleýär. Bankyň resmi saýtyndaky karz hasaplaýjynyň häzirki maglumatlaryna görä, karzlaryň göterim derejesi ýyllyk 7%-i düzýär.
Karzyň möçberi 1 000-den 100 000 manada çenli üýtgäp bilýär, töleg möhleti bolsa 1 ýyldan 5 ýyla çenli bellenilýär. Mysal üçin, 50 000 manat möçberinde, 1 ýyl möhlet bilen resmileşdirilen karz boýunça aýlyk töleg 4 458,33 manat bolar.
Karz almak üçin ýüz tutmany bankyň resmi saýty — senagatbank.com.tm arkaly onlaýn görnüşde tabşyryp bolýar.