Turkmenportal logo
Şu gün 11:41
49444944
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Diesel brendiniň esaslandyryjysy Adriano Goldşmid aradan çykdy

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde italiýaly moda dizaýneri we Diesel brendiniň esaslandyryjysy Адриано Goldşmid aradan çykdy. Ol 82 ýaşyndady. Ölüminiň sebäbi uzaga çeken düwnük keseli boldy — diýip, e1.ru saýty habar berýär.

Moda dünýäsinde Goldşmid «jinsiniň hakyky atasy» ady bilen giňden tanalýardy. Ol 1970-nji ýyllaryň başynda dostunyň maslahaty bilen Kортina-d’Ampezzo şäherindäki klubuň öňünde daşary ýurt jinsilerini satmak bilen işe başlapdy. Ilkinji dükany King’s Shop dünýäniň dürli ýerlerinden baý müşderileri özüne çekdi. 1974-nji ýylda ol Daily Blue brendini döretdi, täze reňkler we modeller bilen jinsileriň bahasyny ýokarlandyrdy — şeýlelikde işçi eşigini dizaýner modasynyň bir bölegine öwürdi.

1981-nji ýylda Goldşmid ýaş dizaýnerleri goldaýan we Diesel hem-de Replay ýaly brendleriň döremegine ýol açan Genious Group birleşigini esaslandyrdy. Oňa dünýä meşhurlygyny getiren usul bolsa 1980-nji ýyllarda işläp düzülen stonewash tehnologiýasy boldy — jinsileriň pemza – wulkaniki daş bilen ýuwulyp, köne görnüş berilmegidir. Soňra ol ekologiýa taýdan arassa materiallar bilen işledi we ýumşak önümçilik usullaryny ornaşdyrdy.

1993-nji ýyldan Goldşmid Agolde kompaniýasynyň esaslandyryjysy boldy, soňra bolsa Los-Anželesde Ýul Ku bilen bilelikde AG Adriano Goldschmied markasyny döretdi.

Diesel brendi hakynda

Diesel — 1978-nji ýylda Italiýanyň Bressanone şäherinde döredilen brenddir. Kompaniýa ýokary derejeli jins egin-eşikleri we aksesuarlary öndürýär. Häzirki wagtda Renzo Rosso we OTB Group holdinginiň ýolbaşçylygynda brend dünýäniň 80-den gowrak ýurdunda 5 000-den gowrak söwda nokady bilen çykyş edýär. Brend esasy hataryndan başga-da, öňdebaryjy dizaýnerler bilen hyzmatdaşlykda dürli toplumlary çykaryp, moda hepdeliklerine yzygiderli gatnaşýar.

Goldşmid jinsini ýönekeý işçi egin-eşiginden ýokary modanyň esasy elementleriniň birine öwürüp, uly miras galdyrdy. Onuň yzynda aýaly Mikela we üç gyzy — Sara, Marta we Glenda galdy.