Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ikinji ýarymy üçin gazet-žurnallara abuna ýazylyşyk başlady. Bu barada ýurduň neşirlerinde habar berýär.
Gazet-žurnallaryň çap edilýän görnüşine abuna ýazylmak üçin ýurduň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bolar.
Olaryň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda ýazylmak mümkin.