Şu gün Türkmenistanda, tutuş halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde, Bütindünýä saglyk güni giňden, dabaraly bellenilýär. Mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk toýunyň giňden baýram ediljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu sene mynasybetli geçirilýän dürli çäreler ýylyň şygaryna, döredijilik ruhuna muwapyk röwüşde many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Şanly sene mynasybetli Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, ýurduň ähli sebitlerinde welosipedli ýörişler, medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly hem-de sport görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, Bütindünýä saglyk güni 1950-nji ýyldan bäri her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilip gelinýär. Munuň özi 1948-nji ýylyň şol senesinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr. BMG-niň abraýly düzüm birlikleriniň biri bolan bu gurama her ýyl Bütindünýä saglyk gününi belli bir şygar astynda geçirýär. Şu ýyl bu senäniň şygary «Bilelikde sagdynlyga!» diýlip yglan edildi. Munuň özi bu wajyp ugurda mundan beýläk-de tagallalaryň birleşdirilmegidigine ünsi çekýär.